Pariždäki Olimpiada – 2024 wagtynda bir gezeklik plastik önümleri gadagan ediler

  • 29.05.2023 14:02
  • 5.5k+

Fransiýanyň paýtagtynyň häkimi Ann Idalgo 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlary wagtynda şäherde bir gezeklik plastik önümleriniň ulanylmagyny gadagan etmegi wada berdi. Çäklendirme plastik çüýşelere, bulgurlara we beýleki predmetlere degişli bolar. Bu barada plus-one.ru habar berýär.

“Biz Olimpiýa oýunlaryny bir gezeklik plastik ýok bolan ilkinji uly waka etmek kararyna geldik” – diýip, Parižiň häkimi Halkara häkimler forumynyň plastik hapalanma garşy metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Hususan-da, geljek ýyl Pariždäki Olimpiýa meýdançalaryna plastik çüýşeleri bolan myhmanlar goýberilmez. Çärelerde içgiler ýörite awtomatlar arkaly çüýşe gaplarda satylar. Olimpiýa marafony wagtynda gatnaşyjylara suw köp gezeklik bulgurlarda hödürlener.
Parižiň häkiminiň beýanynda plastik galyndylary sebäpli her ýyl 14 müň süýdemdirijiniň we 1,4 mln deňiz guşunyň ölýändigi bellenilip geçilýär.
Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryny guraýjylar 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda we 2012-nji ýylda Londonda geçirilen tomusky Olimpiada bilen deňeşdirilende kömürturşy gazy zyňyndylaryny iki esse azaltmak isleýändiklerini aýtdylar.


22.06.2026 14:28
1.2k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

17.06.2026 17:35
3.9k+

Mariýa-Antuanettä henizem hat ýazýarlar: Fontenblo köşgüne 4 müň hat geldi

Fransiýadaky Fontenblo köşgi «Galamyňyzy alyň-da, Mariýa-Antuanettä hat ýazyň!» diýen uly göwrümli çäräniň çäginde takmynan 4 müň hat aldy. Bu başlangyç Lýudowik XVI we Fransiýanyň soňky höküm süren şazenany......