Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

  • 28.05.2023 15:32
  • 4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow azerbaýjanly kärdeşi Ilham Aliýewe Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

"Sizi hem-de Azerbaýjanyň doganlyk halkyny Siziň ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Bu günki gün Azerbaýjan Respublikasy depginli ösüş ýolundan ynamly öňe barýar, sebit hem halkara proseslerinde möhüm orun eýeleýär» - diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň hatynda bellenilýär.

Serdar Berdimuhamedow soňky wagtlarda iki döwletiň özara gatnaşyklarynyň täze mazmuna eýe bolandygyny belläp, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň özara dostluk hem hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň geljekde hem iki halkyň bähbidine ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


düýn 17:39
1.4k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......