Türkmen wekiliýeti Latwiýada ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça duşuşyk geçirer

  • 27.05.2023 11:48
  • 8.7k+

2023-nji ýylyň 12 — 16-njy iýuny aralygynda Latwiýa Respublikasynda Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Mejlise gatnaşmak üçin taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek, TRACECA halkara üstaşyr ulag geçelgesini ösdürmegiň mümkinçiliklerine degişli meseleleriň giň toplumyna garamak göz öňünde tutulýar.


20.06.2026 19:55
10k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

19.06.2026 19:36
5.9k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......