Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň CAFA-2023-däki garşydaşlary belli boldy

  • 25.05.2023 11:43
  • 17k+

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy şu ýylyň 10-20-nji iýuny aralygynda Daşkentde (Özbegistan) we Bişkekde (Gyrgyzystan) geçiriljek CAFA Nations Cup 2023 ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň çäklerinde garşydaşlaryny bildi.

Türkmenistanyň ýygyndysy Özbegistanyň, Omanyň we Täjigistanyň ýygyndylary bilen A topary emele getirdi. Duşuşyklar Daşkentde geçiriler.
Birinji oýnuny Türkmenistanyň ýygyndysy 11-nji iýunda Täjigistana garşy geçirer. Soňra 14-nji iýunda Oman bilen, 17-nji iýunda bolsa Özbegistan bilen duşuşar.
Şol bir wagtda Bişkekde B toparyň duşuşyklary geçiriler:
Gyrgyzystan — Owganystan, 10-njy iýun;
Eýran — Owganystan, 13-nji iýun;
Gyrgyzystan — Eýran, 16-njy iýun.
Düzgünnama laýyklykda, toparlaýyn tapgyrdaky duşuşyklar bir aýlaw görnüşinde geçiriler. Iki toparyň ýeňijileri finalda duşuşar. Öz toparynda ikinji orny eýelän ýygyndylar üçünji ýer üçin duşuşarlar.


şu gün 22:49
1.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

şu gün 13:39
7.8k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

düýn 14:15
12k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 17:52
4.8k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......