«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabadyň üstünden London — Hanoý aralygynda ýük gatnawlaryny ýerine ýetirip başlady

  • 23.05.2023 11:08
  • 21k+

«Türkmenhowaýollary»Türkmenistandan üstaşyr geçýän Beýik Britaniýa bilen Wýetnamyň arasynda ilkinji ýük gatnawyny işe girizýär. Bu barada Beýik Britaniýa bilen Wýetnamyň bazarlaryna hyzmat etmeklige ýöriteleşýän TT Meridian halkara söwda-logistika kompaniýasy yglan etdi.

Wýetnam habarlar agentliginiň maglumatlaryna görä, kompaniýa ýük göterijiligi 30 tonna çenli bolan A330 uçarlaryny ulanýar.
TT Meridianyň türkmen awiagatnadyjylary tarapyndan ýerine ýetirilýän ýük gatnawlary Londonyň Stansted howa menzilinden her çarşenbe güni agşam uçurylar, soňra penşenbe güni irden Aşgabadyň howa menzilinden uçup, penşenbe güni gündiz Hanoýyň Noýbaý howa menziline gonar. Yzyna gatnaw wagt babatda uzagrak bolar — ol penşenbe güni agşam Hanoýdan uçup, Stansted howa menziline indiki hepdäniň çarşenbe güni irden geler (5-6 gün).
Bu ugur boýunça soňky birnäçe hepdede birnäçe synag uçuşlary ýerine ýetirildi.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......