Türkmenistanda Kipriň täze bellenen ilçisi işläp başlady

  • 23.05.2023 10:33
  • 3.6k+

22-nji maýda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kipros Ýorgallisden ynanç hatyny kabul etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Ilçi Kipros Ýorgallis Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Şeýle hem diplomat Mejlisiň düzümi we dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny üpjün etmek, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary, şol sanda halkara parlament düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.
Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kipros Ýorgallis öz ýurdunyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giň ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, özara bähbitlere laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......