Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisini geçirdi

  • 23.05.2023 00:29
  • 21k+

22-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň ýerlerde alyp barýan işleri, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň  agzalarynyň döwlet derejesinde geçiriljek çärelere, aýratyn-da, Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler hem-de Gaznanyň Ýaşulular geňeşiniň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde hemaýat bermek üçin howandarlyga mätäç bolan çagalary hödürlemek, gaznanyň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara halkymyzyň taryhy we milli däplerine, kanunçylyga laýyklykda mynasyp adyň dakylmagyny gazanmak, durmuş goldawlaryny bermek ýaly wezipeleri üstünlikli çözmek ugrunda meýilnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisine gatnaşan we Aşgabat şäherine hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik eden ýaşulularyň bu baradaky pikirlerini we maslahatlaryny diňledi.


şu gün 07:42
882

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......