Türkiýäniň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň 1 milliondan gowragy prezident saýlawlarynda ses berdi

  • 22.05.2023 15:14
  • 42k+

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlary 28-nji maýda geçiriljek prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses bermegi dowam etdirýär diýip, türk metbugatyna salgylanýan Trend habar berýär.

Daşary ýurt wekilhanalarynda we serhet nokatlarynda başlanan ses berişlige gatnaşan türk raýatlarynyň sany 1 milliondan geçdi. Daşary ýurt wekilhanalarynda ses berişlik 24-nji maýda tamamlanar.
Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan türk raýatlary hem saýlawlarda ses bermäge gatnaşýarlar.

20-nji maýda ýerli wagt bilen 08:00-da daşary ýurt saýlawçylarynyň sanawynda bellige alnan saýlawçylar Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň binasyna ses bermäge gelip başladylar.
Türkmenistany çäginde ses berişlik 22-nji maýda 20:00-a çenli dowam eder.

Belläp geçsek, prezidentlige dalaşgärleriň hiç biri hem 14-nji maýda Türkiýede geçirilen saýlawlarda 50%-den gowrak ses alyp bilmedi. Şonuň üçin 28-nji maýda saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler.


08.06.2026 15:17
3.8k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......