Ärdogan saýlawlarda ýeňiş gazanan ýagdaýynda üçünji möhlete gaýtadan saýlanmajakdygyny aýtdy

  • 22.05.2023 11:31
  • 39k+

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, hereket edýän kanunlar boýunça, 28-nji maýda geçiriljek saýlawlarda ýeňiş gazanan ýagdaýynda üçünji möhlete saýlanyp bilmejekdigini aýtdy. Şeýlelik bilen, ol 2033-nji ýyla çenli Türkiýä baştutanlyk etmegi meýilleşdirýändigi ýa-da ýokdugy baradaky soraga jogap berdi diýip, centralasia.media belleýär.

“Häzirki düzgünlere laýyklykda, prezident diňe iki gezek saýlanyp bilner. Meniň birinji möhletim tamamlanyp barýar, häzir ikinji möhlete saýlanmak boýunça saýlawlar dowam edýär. Ikinji möhlete saýlanmak bilen bu proses tamamlanar” – diýip, Ärdogan CNN-e beren interwýusynda aýtdy.

Geçen ýyl türk oppozisiýasy Ärdoganyň täze möhlete dalaş edip bilmejekdigini, sebäbi 2018-nji ýylda, täze  Konstitusiýa kabul edilenden soň we bu wezipede dört ýyl bolansoň, onuň möhletinden öň saýlanandygyny aýtdy.
Türkiýäniň Adalat ministrligi Ärdoganyň prezidentlige gaýtadan saýlanmaga hukugynyň bardygyny, sebäbi täze üýtgetmelere laýyklykda, kanuny taýdan iki däl-de, diňe bir saýlawa gatnaşandygyny, çünki onuň möhletiniň “hasapdan aýrylandygyny” belledi.
Ýatlap geçsek, 14-nji maýda Türkiýede prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry geçirildi. Ärdogan 49,51% ses aldy. Onuň esasy bäsdeşi Kemal Kylyçdaroglu 44,88% ses aldy. Dalaşgärleriň ikisi-de 28-nji maýda geçiriljek ikinji tapgyra geçdi.


23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......