Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda senagat toplumyna degişli desgalar gurlar

  • 21.05.2023 12:59
  • 26k+

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda esasan senagat toplumyna degişli önümçilik kuwwatlyklary gurlar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji maýda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda geçiren iş maslahatynda aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, bu işler ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Bu ýerde öndüriljek önümler ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda möhüm orun eýelär.
Şeýle hem bu ýerde bina ediljek senagat desgalarynyň häzirki zamanyň ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň ýokary hil derejesi, berkligi we uzakmöhletleýinliligi babatda tapawutlanmalydygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän çig mallary senagat taýdan gaýtadan işleýän önümçilik toplumyny gurmak, şäheriň jemagat hojalygynyň işini ýokary derejede guramagy üçin häzirki zaman tehnikalaryny we beýleki döwrebap enjamlary almak, olary netijeli ornaşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna gatnaşjak ýerli gurluşyk kompaniýalaryny seçip almak bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi.  
Türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň gurluşygyň ikinji tapgyryna guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......