Arkadag şäherinde ilkinji gezek 123 belgili ulgam ornaşdyryldy. Ol nähili işleýär?

  • 21.05.2023 12:49
  • 42k+

20-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda öň hiç ýerde ulanylmadyk, ýagny 123 belgili ulgamy bellemek hakynda karara gelendigini aýtdy. Bu ulgam ilkinji gezek Arkadag şäherine ornaşdyrylýar.

Bu ulgam nähili hereket edýär?
123 belgili bu ulgam müşderileriň telefon arkaly ýüz tutmalaryny kabul edip, gaýtadan işläp, degişlilikde gaz howpsuzlygy, ýangyn howpsuzlygy we tiz kömek merkezlerine maglumat berýär we bu ugurda zerur işleriň geçirilmegini guraýar. Şeýlelikde döräp biläýjek heläkçiligiň öňi alynýar.
Bu bolsa, adamlaryň rahat, oňaýly şertlerde ýaşamaklaryny şertlendirýär. Ýaşaýyş jaýlarynda we beýleki desgalarda bu ulgamyň ornaşdyrylmagy raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, sanly ulgam arkaly yzygiderli gözegçilikde saklanýandygyny görkezýär. Bu işleriň hemmesiniň sanly ulgam arkaly dolandyrylmagy maglumatlaryň gyssagly ýetirilmegini we degişli kömegiň ýola goýulmagyny üpjün edýär. Munuň özi ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletiň üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň beýanydyr.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....