Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

  • 21.05.2023 12:41
  • 27k+

20-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň görnüşleri bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew şäheri abadanlaşdyrmak, onuň çäklerini bagy-bossanlyga öwürmek, şäheriň durmuş düzümlerine döwrüň ösen tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Iş saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň abadançylyk we arassaçylyk derejesini yzygiderli üpjün etmek bilen bagly meselä seredildi. Şeýle hem bu ýerde polipropilenden hem-de polietilenden ýurdumyzda öndürilen lukmançylyk serişdeleriniň birnäçe görnüşleri görkezildi.
Saparynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gijeki görnüşlerini synlady.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......