Türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalar boýunça işleri dowam edip bilerdik — Serdar Berdimuhamedow

  • 19.05.2023 16:17
  • 12k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmagy teklip etdi. Bu barada Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.

Döwlet Baştutanynyň pikirine görä, ýangyç-energetika pudagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

«Türkmenistan–Hytaý» gaz geçirijisi bu ugurda anyk hyzmatdaşlygyň hakyky we oňyn mysalydyr. Şu gaz geçirijiniň netijesinde hytaýly hyzmatdaşlarymyz häzirki döwürde öz senagatyny ösdürýär, Hytaýyň ilatynyň tebigy gaza bolan islegini kanagatlandyrýar» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Döwlet Baştutany şunuň bilen birlikde, «Türkmenistan – Hytaý» gaz geçirijisi sebitiň üstaşyr geçiriji ýurtlaryna hytaýyň bazaryna energiýa serişdelerini çykarmak üçin mümkinçilik hem berendigine aýtdy.

«Türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermäge esaslanan Türkmenistanyň energetika syýasatyny nazara almak bilen, taraplar gyzyklanan halatda biz türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmak boýunça işleri hem dowam edip bilerdik» – diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.


13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.3k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...