Türkmenistanyň başlangyjy bilen dünýäde durnukly ulag güni döredildi. Ol haýsy gün?

  • 18.05.2023 12:34
  • 15k+

2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň geçirilen güni Bütindünýä durnukly ulag güni diýlip yglan edildi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab kwartirasynda habar berdiler.

16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldaw bermeginde 26-njy noýabry Bütindünýä durnukly ulag güni diýip ykrar edýän Kararnama kabul edildi.
Bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-den gowragy awtordaş bolup çykyş etdi.

BMG bu gezekki Kararnamada Türkmenistanyň Hökümetiniň 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyny, şeýle hem Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň 2022-nji ýylda Awazada geçirilen halkara maslahatyny guramak bilen baglanyşykly tagallalarynyň we bu forumda Awaza Jemleýji Beýannamanyň ähmiýetlidigine kanagatlanma bildirildi.
Resminama BMG agza döwletleriň, halkara, sebitara guramalaryň, raýatlyk jemgyýetleriň, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, şahsy taraplaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän ugurlaryň hemmesine Bütindünýä durnukly ulag gününi dabaralandyrmak teklip edilýär.
Şeýle hem durnukly ulag ulgamy boýunça, hususan-da, halkara ulag gatnawlaryny artdyrmak, ekologiýa ulaglarynyň ösüşine ýardam bermek, durmuş taýdan bähbitli ulag düzümleriniň we durnukly ulagyň beýleki ulaglarynyň ösdürilmegine ýardam bermek boýunça jemgyýetçilik biliminiň artdyrylmagyna gönükdirilen düşündiriş işlerini we çäreleri geçirmek bellenildi.


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....