Russiýanyň DIM-i: türkmen-rus uniwersitetiniň taslamasy ylalaşyk tapgyrynda

  • 18.05.2023 12:19
  • 13k+

Aşgabatda bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini döretmek taslamasy ylalaşyk tapgyrynda diýip, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin Tomsk döwlet uniwersitetinde (TGU) geçirilen «Waldaý» halkara diskussiýa klubunyň üçünji Merkezi Aziýa konferensiýasynda aýtdy.

Mundan başga-da, Galuzin 2023-2024-nji okuw ýylynda Russiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelýän talyplar üçin kwotalaryň sanyny artdyrjakdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda bu sebitden takmynan 185 müň talyp Russiýa Federasiýasynda okaýar, olaryň 68 müň töweregi Russiýanyň býujeti tarapyndan maliýeleşdirilýär.
Mundan başga-da, Türkmenistanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň şahamçalaryny açmak meýilleşdirilýär.
2022-nji ýylyň iýun aýynda Moskwada Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini döretmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Geçen ýylyň noýabr aýynda türkmen-rus uniwersitetiniň gurluşygyna 2023-nji ýylda Aşgabatda başlanyljakdygy mälim boldy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......