2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan elektrik awtoulaglarynyň haýsylardygy aýdyldy

  • 17.05.2023 18:45
  • 12k+

Motor1 tarapyndan neşir edilen JATO Dynamics-iň hasaplamalaryna görä, 2022-nji ýylda dünýäde iň meşhur iki elektrik ulagy Tesla tarapyndan öndürilýär. Şol bir wagtyň özünde, liderleriň sanawyndaky on orundan ýedisini hytaýly elektrokarlar aldy.

Dünýäniň iň meşhur elektrokary - Tesla Model Y -  2022-nji ýylda onuň 747 500 sanysy satylyp, 2021-nji ýyldakydan iki esse köp boldy. Ikinji ýerde 482 000-den gowragy satylan Model 3 durýar. Geçen ýyl Teslanyň satuwynyň 95% -i bu iki modele degişli boldy, Model Y esasan Hytaýda we Model 3 bolsa ABŞ-da satyn alyndy.
Meşhurlykda üçünji orunda, Tesla-dan takmynan 40 müň birlik yzda galan hytaýyň elýeterli mikrokary bolan Wuling Hongguang Mini EV durýar. 4-nji orny eýelän BYD Dolphin sanawda gatnaşyjylaryň arasynda iň ýokary ösüşi görkezdi: satuwy derrew 916% ýokarlandy we 205 200 awtoulag boldy.
Tesla-nyň modellerinden başga-da, sanawdaky ýeke-täk hytaýly däl elektrokar -175 600 birlik bilen altynjy orunda durýan Volkswagen ID.4. 2022-nji ýylda iň köp satylan batareýaly modellere BYD Atto 3, BYD Qin, GAC Aion Y we Aion S, şeýle-de, BYD Han degişlidir.
Ýewropaly elektromobilleriň arasynda Volkswagen ID.4 we ID.3, şeýle hem FIAT 500 iň köp satylan elektrik ulagy boldy. Ioniq 5 günorta koreýaly iň meşhur elektrokara öwrüldi.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......