Hytaý dünýäde iň uly awtomobil eksportçysy boldy

  • 16.05.2023 23:44
  • 29k+

Şu ýylyň birinji çärýeginde Hytaý 1,069 mln awtomobil ýükläp, Ýaponiýadan we Germaniýadan öňe geçdi we ilkinji gezek dünýäniň iň uly awtomobil eksportçysy boldy. Ýaponiýa şu ýylyň birinji çärýeginde 1,047 mln awtomobil eksport etdi. Bu barada Day.Az habar berýär.

Tesla China, SAIC, Chery, Geely, Great Wall Motors, Changan we BYD Hytaýyň iň uly awtomobil eksport edijileriniň hataryna girýär. Häzirki wagtda SAIC iň uly hytaý awtomobil eksportçysydyr, MG brendi bolsa bu ýokary görkezijä uly goşant goşýar. Eksport edilen her üç awtomobiliň biri SAIC kompaniýasy tarapyndan öndürilýär. Geň ýeri, BYD kompaniýasy 58 000 birlik bilen dokuzynjy orny eýeledi.
Şu ýylyň ýanwar aýyndan aprel aýy aralygynda Hytaýyň awtomobil kompaniýalary jemi 1,37 mln awtomobil eksport etdiler. Hytaýyň awtoöndürijiler assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, aprel aýynda eksportyň aýlyk möçberi geçen aý bilen deňeşdirilende 3,3% we ýyllyk hasabynda 170% ýokarlanyp, 376 000 birlige ýetdi.
Birinji çärýekde Hytaýyň eksport edýän ilkinji on ýurdunyň hataryna Russiýa, ABŞ, Meksika, Beýik Britaniýa, Belgiýa, Ýaponiýa, Awstraliýa, Germaniýa, BAE we Günorta Koreýa girýär.
Hytaýyň Ýeňil awtomobiller assosiasiýasy şu ýylyň ahyryna çenli Hytaýdan awtomobil eksportynyň 4 milliona ýetjekdigini çaklaýar. Eger şu tendensiýa saklansa, Hytaýyň Ýaponiýadan öňe geçip, 2023-nji ýylda dünýäniň iň uly awtomobil eksportçysyna öwrülmegi ähtimal.


24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....