Gurbanguly Berdimuhamedow käbir wise-premýerleriň, ministrleriň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi

  • 15.05.2023 23:12
  • 40k+

15-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň birnäçe wise-premýerleriniň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny" hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň ugurlary we bu babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşanlar gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we pudaklaryň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler barada hasabat berdiler.
2022-2052-nji ýyllarda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň sazlaşykly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow şu maksat bilen ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny dowam etmegiň, ýokary tehnologik önümçiligiň ykdysady ösüşine goşandyny artdyrmagyň, pudaklary sanlylaşdyrmagyň, makroykdysady we maliýe durnuklylygy saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de innowasion we senagat taýdan ösmeginde hususyýetçilige  möhüm ornuň degişlidigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň jemi içerki önüminde döwlete dahylsyz bölegiň paýynyň artýandygyny belledi. Dünýä ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen özgerýän şertlerinde pudaklaryň köpugurly esasda ösüşine zerur üns berilmelidir.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......