Makgregor nokaut sany boýunça UFC-niň rekordyny täzelemegi wada berdi

  • 15.05.2023 13:44
  • 31k+

Iki agram kategoriýasynda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) öňki çempiony Konor Makgregor nokaut arkaly ýeňişleriniň sany boýunça promouşeniň rekordyny täzelejekdigini aýtdy. Muny rsport.ria.ru ýetirýär.

Belläp geçsek, geçen dynç günleri MMA-nyň amerikaly weterany Mett Braun Kurt Makgiden möhletinden ir üstün çykdy. Bu onuň nokaut arkaly gazanan 13-nji ýeňşidir we ol Braunyň watandaşy Derrik Lýuisiň hasaby bilen deňdir.

"Mett Braun 42 ýaşynda UFC-de nokaut sany boýunça birinji orny eýeleýär. Ol we "Wagşy" lakamly Lýuis deňleşdi. Häzirki wagtda meniň "UFC-de" sekiz nokautym bar, ýöne men 34 ýaşymda. Men bu rekordy täzelärin" - diýip, Makgregor sosial ulgamlarda ýazdy.

Braun irlandiýaly söweşijä söweşsiz öz üstünligini bermejekdigini aýtdy.


düýn 17:46
6.9k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
12k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
10k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......