Sian bilen Aşgabadyň arasynda ýolagçy howa gatnawlary ýola goýuldy

  • 14.05.2023 18:09
  • 28k+

13-nji maýda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň paýtagty Sian bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň arasynda ilkinji ýolagçy gatnaw ugry resmi taýdan açyldy.

Sian-Urumçi-Aşgabat gatnaw ugry boýunça  CZ5085 gatnawy her şenbe güni pekin wagty bilen sagat 17: 30-da (Grinwiç boýunça  09:30) Siandan ugrap, ýerli wagt bilen 23:10-da (Grinwiç boýunça 18:10) Aşgabat şäherine geler. Yzyna gaýdanda, ertesi gün ýerli wagt bilen 00:40-da (Grinwiç boýunça 19:40) Aşgabatdan ugrar  we pekin wagty bilen 12:30-da (Grinwiç boýunça  04:30) Sian-a barar diýip,  Sinhua agentligi habar berýär.
Sian bilen Merkezi Aziýa şäherleriniň arasynda gatnaw ugurlarynyň açylmagy möhüm ähmiýete eýe, sebäbi olar Hytaý bilen sebitiň arasynda ykdysady we medeni alyş-çalyşlary ýeňilleşdirer. 


10.05.2026 22:08
7.9k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

03.05.2026 11:40
4k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

01.05.2026 15:59
4.5k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 07:10
4.9k+

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......