Milliarder Ostin Rassel «Forbes-iň» esasy paýnamalaryna eýe boldy

  • 14.05.2023 18:07
  • 13k+

Luminar Technologies kompaniýasynyň eýesi, amerikaly telekeçi Ostin Rassel Forbes žurnalynyň 800 million dollara golaý paýnamasyny satyn alandygyny aýtdy. Bu barada The Wall Street Journal anna güni çeşmelere salgylanyp habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Olaryň berýän maglumatyna görä, bu ýerde gürrüň Forbs maşgalasyna degişli bölegi goşmak bilen, 82% paý barada gidýär. Gonkongda ýerleşýän Whale Media Investments firmasy ozal žurnalyň eýesi bolan azlyklaryň paýdary bolup galar.
Çeşmeleriň berýän habaryna görä, Rasseliň satyn alan iş neşiri häzirki wagtda girdejili hasaplanýar.
Ostin Rassel milliarder we howpsuzlyk ulgamlary hem-de awtopilotlar üçin datçikleri, programma üpjünçiligini öndürýän Luminar Technologies kompaniýasynyň esaslandyryjysydyr.


13.01.2026 13:28
8k+

Dünýäniň iň baý 20 adamsynyň umumy baýlygy 3,8 trillion dollara ýetdi

Dünýädäki iň baý ýigrimi adamyň umumy baýlygy şu günki günde takmynan 3,8 trillion dollara barabar. Bu görkeziji dünýä döwletleriniň aglabasynyň jemi içerki önüminden (JIÖ) hem ýokarydyr. Sanawda birinji orny öňküsi ýaly Ilon Mask eýeleýär, onuň baýlygy 714,2 milliard dollar diýlip bellenildi...

21.12.2025 20:28
11k+

Trillionam uzakda däl: Ilon Maskyň baýlygy 5 günde ýene 100 mlrd dollardan gowrak artyp, 750 mlrd-a golaýlady

SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy taryhda 700 mlrd dollardan geçen ilkinji adam boldy. Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, telekeçiniň umumy baýlygy iň ýokary derejesinde 749 mlrd dollara ýetdi...

16.12.2025 19:42
9.8k+

Mask taryhda 600 mlrd dollar baýlygy bolan ilkinji adam boldy - Forbes

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy 600 mlrd dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy. Oktýabrda ol ilkinji bolup 500 mlrd dollar görkezijisinden geçipdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygynyň ösüşiniň esasy sebäbi SpaceX kompaniýasynyň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagy boldy...

09.12.2025 21:31
12k+

29 ýaşly braziliýaly baýlygyny özbaşdak gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy

29 ýaşly braziliýaly telekeçi, Kalshi platformasyny esaslandyryjylaryň biri Luana Lopes Lara baýlygyny öz güýji bilen gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy. Bu barada Forbes USA habar berýär. Lopes Lara Kalshi platformasyny maliýeleşdirmegiň täze tapgyryndan soň milliarder statusyny aldy...