Lawrow türkmen tarapyna RF-niň Türkmenistana täze bellenen ilçisini tanyşdyrdy

  • 14.05.2023 12:24
  • 13k+

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Batyr Nyýazlyýew Moskwada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy. Onuň barşynda türkmen tarapyna RF-niň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Iwan Wolynkin tanyşdyryldy.

Lawrow Iwan Wolynkiniň RF-niň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde alyp barjak işiniň ýurtlaryň arasyndaky strategiki gatnaşyklaryň ösüşine täze oňyn itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Nyýazlyýew kärdeşini wezipä bellenmegi bilen gutlap, diplomatik gullugyň täze ýerinde üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada Russiýadaky türkmen diplomatik wekilhanasy habar berýär.
Öň habar berşimiz ýaly, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin apreliň başynda Aleksandr Blohini wezipesinden boşadyp, Iwan Wolynkini Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi edip belledi.
Wolynkin 1959-njy ýylda Moskwada doguldy. 1981-nji ýylda SSSR-iň DIM-niň Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary institutyny tamamlady (häzirki Russiýanyň DIM-niň MGIMO-sy) we RF-niň Ýugoslawiýadaky, ABŞ-daky, Gruziýadaky, Makedoniýadaky we Ermenistandaky ilçihanalarynda işledi.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......