Türkmenistanda 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy taýýarlanyp başlandy

  • 14.05.2023 03:14
  • 10k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Karara gol çekdi. Degişli resminama döwlet Baştutany 13-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramaga we olary 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.
Ministrlik şeýle hem bu taslamalary düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine 2023-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermeli.
Bu taslamalary taýýarlamak üçin hünärmenlerden ybarat iş topary dörediler.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......