Türkmenistanly okuwçylar Astanada himiýa boýunça halkara olimpiadada dört medal gazandylar

  • 13.05.2023 23:51
  • 7.9k+

Astanada (Gazagystan) geçen 57-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda Türkmenistana wekilçilik eden Aşgabatdaky S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň dört okuwçysynyň dördüsi hem medala mynasyp boldy. Olaryň biri kümüş, üçüsi bürünç medal gazandy diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Netijede, Begzada Annaýew kümüş medala mynasyp boldy. Ýakup Annaorazow, Yhlas Jumaýew we Aýgül Atajanowa bürünç medallaryň eýeleri boldular.
Moskwanyň M.W. Lomonosow adyndaky döwlet uniwersiteti tarapyndan (Russiýa Federasiýasy) guralan intellektual görkeziliş Russiýa, Gazagystan, Awstriýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Belorussiýa, Bolgariýa, Wengriýa, Ysraýyl, Gyrgyzystan, Makedoniýa, Mongoliýa, BAE, Saud Arabystany, Siriýa, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe, Özbegistan, Horwatiýa we Braziliýa ýaly ýurtlardan 113 ýaş himikleri ýygnady.
Olimpiada alty gün dowam etdi we üç tapgyrdan ybarat boldy: iki nazary we bir amaly tapgyr. Birinji tapgyryň ýumuşlary kynlygy boýunça ýöriteleşdirilen himiýa synplarynyň maksatnamasyna gabat gelýärdi. Ikinji tapgyrda gatnaşyjylara himiýanyň bäş bölüminden ybarat bolan has ýokary derejeli ýumuşlary teklip etdiler: organiki, organiki däl, analitiki we fiziki himiýa, şeýle hem haýwanlar baradaky ylymlar.
Dowamlylygy bäş sagat bolan olimpiadanyň amaly tapgyry okuwçylaryň himiýa laboratoriýasynda işlemek başarnyklaryny barlamaga gönükdirildi: jisimleriň himiki seljermesini ýerine ýetirip bilmek ukyby we hödürlenen usul boýunça sintez geçirip bilmek başarnyklary barlandy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......