Tailandyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

  • 11.05.2023 22:39
  • 11k+

Tailand Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Apirat Sugondhabhirom  Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin nobatdaky geňeşmeleri geçirmegi teklip etdi.
Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky ilçisini bellemek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy Türkmenistan bilen Tailandyň arasynda halkara guramalarynyň çäklerinde hem oňyn hyzmatdaşlygyň bardygyny nygtady.
Köptaraplaýyn görnüşde özara gatnaşyklary alyp barmaklygyň çäklerinde diplomatlar "Merkezi Aziýa-ASEAN" formatyny döretmek pikirine-de üns berdiler.
Duşuşygyň barşynda diplomatlar söwda-ykdysady ulgamda hem Türkmenistan bilen Tailand Patyşalygyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Bu ýerde energetika, gaz-himiýa we oba hojalygy pudaklary ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Ylym, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem syýahatçylyk we sport pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellendi.
Tailandyň ilçisiniň iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisinde ynanç hatlarynyň gowşurylmagy, şeýle hem ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda birnäçe duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistan bilen Tailand Patyşalygynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 6-njy iýulynda ýola goýuldy.


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......