Serdar Berdimuhamedow Duşenbede Emomali Rahmon bilen gepleşikleri geçirdi

  • 11.05.2023 07:54
  • 9.9k+

10-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikiçäk görnüşde hem-de giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistana gelmäge çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen giňişleýin düzümdäki gepleşiklerde Prezident Emomali Rahmon Türkmenistan bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini belledi.
Ikiçäk we iki ýurduň giňeldilen düzümdäki duşuşyklaryň dowamynda döwletleriň Baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysadyýet we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar ykdysadyýetiň has takygy, energetika, senagat, ulag-aragatnaşyk we oba hojalyk ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmegi boýunça aýratyn üns çekdiler.
Dostlukly döwletleriň Baştutanlary hususy telekeçilik pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garadylar. Hususan-da, taraplar Türkmenistanyň we Täjigistanyň işewür düzümleriniň arasynda göni aragatnaşygyň gurmagyň zerurdygyny bellediler.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......