Türkmenistan Belgiýa eksportyny 15 esse artdyrdy

  • 10.05.2023 15:36
  • 16k+

Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Belgiýa 2,33 million ýewrolyk harydy eksport etdi diýip, Ýewropa Bileleşiginiň statistika müdirligi bolan Eurostatda Trend agentligine habar berdiler.

Hasabat döwründäki bu görkezijileriň geçen ýylyň ilkinji iki aýyndakydan (146,070 ýewro) 15,8 esse ýokarydygy habar berildi.
Edaranyň maglumatyna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 6,96 million ýewrodan gowrak bolup, 2022-nji ýylyň şol aýlary bilen deňeşdirilende, 2,0 esse köp (3,07 million ýewro).
Şu ýylyň ilkinji iki aýynda Türkmenistan, 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlary (2,93 million ýewro) bilen deňeşdirilende, Belgiýadan importy 58 göterim ýokarlandyrdy - 4,63 million ýewro çenli.
2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 38,32 million ýewro barabar bolandygyny bellemek gerek, bu bolsa 2021-nji ýyldakydan (15,93 million ýewro) 2,4 esse köpdür.
Umuman aýdanyňda, 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistan bilen ÝB ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 118,36 million ýewrodan gowrak bolup, 2022-nji ýyldaky görkezijiden 27,3 göterim az (162,86 million ýewro).


düýn 23:05
934

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
811

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......