«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 4-nji sany çykdy

  • 07.05.2023 12:22
  • 6.9k+

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň 2023-nji ýyldaky dördünji sany okyjylara ýetirildi.

Neşiriň täze sanynyň ilkinji sahypalarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň enesi Ogulabat Berdimuhamedowa baradaky setirler hem-de şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň «Perzentlik aýdymy» atly şygry okyjylara ýetirilýär.
Žurnalyň täze sanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 20-nji aprelde geçirilen taryhy mejlisden gelip çykýan wezipelere bagyşlanyp «Milli demokratik ýörelgelerimize ygrarly ýaşlar» atly makala ýerleşdirilipdir.
«Sagdyn hem salamat boluň! Päklikden alamatdan boluň!» atly şahyrana sözbaşyly makala 7-nji aprelde bellenilen Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanýar. Neşiriň täze sanynda Oraza aýyna we onuň müň bir gijeden sogaply Gadyr gijesine bagyşlanan makala hem orun berlipdir. «Bilimli ýaşlar ― beýik we şöhratly geljek» atly makalada milli jemgyýetimizde ýaşlaryň orny barada pikir ýöredilýär.
Neşiriň sahypalaryndaky milli mirasymyzda keşdeçilik sungatynyň ornuna, milli binagärlik sungatymyzyň aýratynlyklaryna (iňlis dilinde), akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsine bagyşlanan makalalar hem juda täsirli çykypdyr. Öz işiniň ussadyna öwrülen harby gullukçy zenan bilen söhbetdeşligi žurnalyň şu sanynyň iň bir özüne çekiji çykyşlarynyň hataryna goşup bolar. Rus dilinde paýlaşylan başga bir makala bolsa sanly ykdysadyýetiň ähmiýetine bagyşlanypdyr.
Žurnal täze sanynda gopuz saz guralyna we milli çeperçilik sungatymyza (rus dilinde) bagyşlanan täsirli makalalary gün-günden sany artýan okyjylary bilen paýlaşýar. «Küştüň goşa lälesi» atly uly göwrümli makala bolsa, abraýly halkara ýaryşlaryň birnäçesiniň çempionlary ― doganlar Lala we Leýla Şöhradowalaryň sport ýoluna bagyşlanypdyr.
«Kalbymyň söýesi Watan» atly çeper oýlanma hem, «Bäş arslanyň obasy» atly taryhy makala hem, aýdymçy Döwran Şammyýew bilen söhbetdeşlik hem okyjylary özüne çekse gerek. Harby psihologyň gündeliginden alnan «Kitap ― kämillige ýol» atly gündelik ýazgylary žurnalyň täze sanyndaky özüne çekiji çykyşlaryň biri bolupdyr.
Bütindünýä saglyk güni bilen bagly iňlis dilinde taýýarlanylna makala we «Futbol filosofiýasy» atly çykyş okyjylary sportuň täsin dünýäsine syýahata alyp gider. Iňlis dilindäki makalalaryň ýene birinde dynç alyş wagtyňy netijeli geçirmegiň ýollary salgy berilýär. «Welosiped» atly hekaýa, şahyrlar Gurbannazar Ezizowyň, Kerim Gurbannepesowyň we Çary Ýegenmyradowyň şygyrlarynyň iňlis dilindäki terjimesi hem-de žurnalyň şygryýet sahypasy okyjylaryň nazaryny özünde eglär.
Neşir täze sanynyň ahyrky sahypalarynda täsinlikler dünýäsine syýahata alyp gidýär. «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ýagly petiriň taýýarlanylyşy barada alnan setirler öý bikelerine peýdaly bolup biler. Žurnal däbine eýerip, «Ýaş waspçy» atly bäsleşigiň täze ýeňijisini hem tanyşdyrýar. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň «Ýazlarym» atly şygry bilen jemlenilýän žurnal görnükli we owadan suratlar bilen özüne çekýär.


şu gün 00:04
2.3k+

Ahalteke atlarynyň endamy nädip lowurdaýar? Türkmen alymlary muny öwrendi

Türkmen biotehnologlary ahalteke atlarynyň tüýüne mahsus bolan lowurdynyň esasynda ýatan biohimiki mehanizmleri anyklady we oňa barlaghana şertlerinde obýektiw baha bermegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu......

27.05.2026 18:14
4.2k+

Türkmenistan Gurban baýramyny giň gerimde belleýär

Üç günläp dowam edýän Gurban baýramy türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda giňden bellenilýär....

26.05.2026 19:02
7.3k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

26.05.2026 12:36
3k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......