Türkmen boksçylary Daşkentde dünýä çempionatynyň 1/8 finalyna çykdylar

  • 07.05.2023 11:35
  • 16k+

Iki sany türkmen türgeni şu günlerde Daşkentde geçirilýän boks boýunça Dünýä çempionatynyň 1/8 final tapgyryna çykmagy başardy. Baýramdurdy Nurmuhammedow we Saparmyrat Ödäýew öz garşydaşlaryny ynamly ýeňmegi başardy.

71 kg çenli agram derejesinde çykyş edýän Baýramdurdy Nurmuhammedow eminleriň karary bilen Mawrikiýniň wekili Merwen Klerden üstün çykdy. Indiki duşuşygynda türkmen boksçysy russiýaly Igor Swiridçenkow bilen duşuşar.
67 kg çenli agram derejede Saparmyrat Ödäýew şwesiýaly boksçy Adel Belaliýany wagtyndan öň ýeňmegi başardy. Indiki tapgyrda ol wenesuelaly Kristian Palasio bilen duşuşar.
Daşkentdäki ýaryş 14-nji maýda tamamlanar, onuň baýrak gaznasy 5,2 mln dollar.


11.06.2026 08:03
3.1k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....