Serdar Berdimuhamedow Patyşa Karl III-ä Täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy

  • 06.05.2023 20:12
  • 45k+

Şu gün, 6-njy maýda Londonda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III we onuň Şazenan maşgalasyna Täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy.

Günüň birinji ýarymynda döwlet Baştutany çäräniň geçýän ýerine -- Westminster Abbatlygynyň ýanynda ýerleşýän we diňe bir Londonyň iň iri buthanasy bolman, eýsem, ýurduň döwlet durmuşynyň hem merkezi bolan «Church House» maslahatlar merkezine ugrady.
Däp bolşy ýaly, Täç geýdirmek dabarasy Westminster Abbatlygynda geçirildi.
Beýik Britaniýa öz Patyşalaryna Täç geýdirýän Ýewropada ýeke-täk ýurtdur. Täç geýdirmek dabarasynda patyşa häkimiýetiniň nyşanlary bolan Täje we skipetre aýratyn orun degişlidir. Olaryň her biri Patyşanyň eýeleýän ornunyň we onuň borçlarynyň aýratyn ugurlaryny alamatlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, Britan Patyşalaryna Täç geýdirmek däbi 1000 ýyldan gowrak bäri dowam edýär. Ilkinji Täç geýdirmek dabarasy 1066-njy ýylda boldy. Täç geýdirmek dabarasy buthana dabarasy bolup, onda Beýik Britaniýanyň Patyşasyna ýa-da Şazenanyna resmi taýdan Täç geýdirilýär. Täç geýdirmek dabarasyndan öňürti, Londonyň Sent-Jeýms köşgünde tagty miras almak boýunça Geňeş ady bilen belli bolan dabara edarasynyň öňünde Patyşa hukuk taýdan yglan edilýär. Bu çäräniň esasy bölekleri müň ýylyň dowamynda üýtgemedi diýen ýalydyr.
Şu gezekki resmi çäre bellenen wagtda Bukingem köşgünden Westminster Abbatlygyna çenli dabaraly ýöriş bilen başlady.
Dabaranyň dowamynda täze Britan Patyşasy “halka” tanyşdyryldy. Kenterberi arhiýepiskopy Karl III-ni Patyşa diýip yglan etdi we bu ýere ýygnananlardan ony sarpalamagy we oňa wepaly gulluk etmäge wada bermegi haýyş etdi.
Patyşa  kasamy ýerine ýetirilenden soňra, arhiýepiskop iňlis buthanasynyň baştutany hökmünde Patyşanyň derejesini alamatlandyrýan däbi ýerine ýetirdi.
Soňra Britan Patyşasyna Patyşa Häkimiýetiniň nyşanlary gowşuryldy.
Soňra arhiýepiskop Patyşa Karl III Mukaddes  Eduardyň Täjini geýdirdi.
Patyşa Karl III-ä wepalylyk baradaky kasam aýdylandan soňra, Şazenan Kamillany tagta oturtmak dabarasy boldy. 
Soňra Patyşa we onuň Şazenan maşgalasy Bukingem Köşgüne ugradylar.   
Täç geýdirmek dabarasy tamamlanandan soňra, Serdar Berdimuhamedow «The Biltmore Mayfair» myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna ugrady. 
Günüň ikinji ýarymynda Serdar Berdimuhamedow Birmingem  şäheriniň halkara howa menzilinden ýurdumyza ugrady.


şu gün 12:31
1.6k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
407

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
659

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......