Serdar Berdimuhamedow Karl III-ä Täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin Londona bardy

  • 06.05.2023 00:37
  • 40k+

5-nji maýda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iňlis tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III hem-de  onuň Şazenan maşgalasyna Täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Londona bardy.

Birnäçe sagatdan soň, Serdar Berdimuhamedowyň uçary London şäheriniň “Stansted” Halkara howa menzilinde gondy.
Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanyny Beýik Britaniýanyň Patyşalygynyň ýörite wekili Çarlz Hendri,  Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili baronessa Emma Nikolson we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Howa menzilinden Prezident Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni sapar mahalynda özi üçin niýetlenilen - kaşaň “The Biltmore Mayfair” myhmanhanasynda ýerleşýän rezidensiýa tarap ugrady.
Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Bukingem köşgüne tarap ugrady.
Köşgüň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň protokol gullugynyň ýolbaşçysy garşylady we uly dabarlar otagyna geçmäge çagyrdy.
Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III  we onuň Şazenan maşgalasyna Täç geýdirmek dabarasy mynasybetli resmi kabul etmek çäresi başlamazdan öňürti, Prezident Serdar Berdimuhamedow  olary bu dabara bilen gutlady hem-de iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Bu çäre tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “The Biltmore Maýfair” myhmanhanasynda sapar mahaly özi üçin niýetlenen kabulhanasyna tarap ugrady.


şu gün 22:09
182

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

şu gün 18:14
412

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

şu gün 12:31
3.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
550

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......