Serdar Berdimuhamedow FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen duşuşdy

  • 05.05.2023 07:01
  • 18k+

4-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi.

«Biz Siziň şu gezekki saparyňyza Türkmenistanyň futbol taryhynda möhüm waka hökmünde garaýarys. Siziň Aşgabatda bolýan mahalyňyzda milli Futbol federasiýasynyň wekilleri bilen duşuşmaga hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, ýurdumyzyň sport düzümleri bilen tanyşmaga mümkinçiligiňiz bolar» diýip, Serdar Berdimuhamedow bu saparyň jemleriniň FIFA bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine, Türkmenistanda futbolyň wagyz edilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Serdar Berdimuhamedow myhmana ýurdumyzda futboly ösdürmegiň esasy tapgyrlary barada gürrüň berdi. Ýurdumyzyň futbol toparlary baradaky maglumatlar myhmanda uly gyzyklanma döretdi.
Duşuşygyň dowamynda myhmana Aşgabadyň golaýynda häzirki zaman sport desgalaryny özünde jemleýän täze Arkadag şäheriniň gurulýandygy barada habar berildi. Şeýle hem ýakynda milli çempionatda üstünlikli çykyş edýän adybir futbol toparynyň döredilendigi bellenildi.

Biz FIFA-nyň tutuş dünýäde hem-de ýurdumyzda futboly mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başlangyçlaryny, tekliplerini goldamaga taýýardyrys. Öz tarapymyzdan halkara futbol ýaryşlaryny, türgenleşiklerini we ýoldaşlyk duşuşyklaryny guramak üçin Türkmenistanyň sport düzümlerini ulanmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýäris diýip, döwlet Baştutany belledi.

Belläp geçsek, Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň dekabr aýynda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň birine tomaşa edýän wagtynda Janni Infantino bilen duşuşypdy.


şu gün 13:44
392

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......