Türkmenistan BMG-niň Katarda Owganystan boýunça geçiren sammitine gatnaşdy

  • 03.05.2023 18:54
  • 7.4k+

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş adam hukuklary, hususan-da, aýal-gyzlaryň hukuklary, inklýuziw dolandyryş, terrorçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş ýaly möhüm meselelerde umumy pikire gelmek üçin Kataryň Doha şäherinde sammit geçirdi we oňa Owganystan boýunça ýörite wekilleri ýygnady. Duşuşyk bu meseleler boýunça taliban häkimiýeti bilen neneňsi işleşmelidigi barada halkara jemgyýetçiliginde umumy düşünişmäge gönükdirildi diýip, Orient ýazýar.

Duşuşyga Türkmenistanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Hindistanyň, Indoneziýanyň, Eýranyň, Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Norwegiýanyň, Pakistanyň, Kataryň, Russiýa Federasiýasynyň, Saud Arabystanynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Angliýanyň, ABŞ-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň we Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Iki gün dowam eden sammit sişenbe güni tamamlandy. Antonio Guterreş ýapyk ýygnagyň esasy netijeleri bilen metbugat wekilleriniň öňünde çykyş etdi.

«Esasy zat, ählimiziň birek-biregiň aladalaryna we çäklendirmelerine düşünmegimiz, ýöne bilelikde işlemegiň hemmeleriň, esasanam, owganlylaryň bähbidine boljakdygy üçin ylalaşmagymyzdyr» diýip, BMG-niň Baş sekretary belledi.


düýn 18:04
4.1k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
1.2k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......