IBM emeli aň bilen çalşyp boljak wezipelere işgär almagyny bes eder

  • 03.05.2023 18:13
  • 6.5k+

Amerikanyň IBM korporasiýasy ýakyn ýyllarda emeli aň bilen çalşyrylyp bilinjek işgärleriň işe alynmagyny togtatmagy meýilleşdirýär. Bu barada baş direktor Arwind Krişna aýtdy diýip, Bloomberg habar berýär.

Onuň sözlerine görä, emeli aň korporasiýada takmynan 7,8 müň işgäri çalşyp biler. Krişna, şol sanda işgärler bölümindäki ýerlere işgär almak togtadylar diýdi.
Krişna müşderiler bilen işlemek bilen baglanyşykly bolmadyk wezipelerde takmynan 26 000 işgäriň bardygyny aýtdy.

"Munuň 30% -iniň bäş ýylyň içinde emeli aň bilen çalşyljakdygyny aňsatlyk bilen göz öňüne getirip bilerin" - diýip, ol nygtady.

IBM-тiň ýolbaşçysynyň düşündirişine görä, işe kabul etmegiň tassyklaýyş hatlaryny bermek ýa-da işgärleri bölümden bölüme geçirmek ýaly adaty işleri ýerine ýetirmek doly awtomatlaşdyrylsa gerek. Şeýle-de bolsa, işçi güýjüniň düzümine we öndürijiligine baha bermek ýaly, işgärler bölüminiň ýerine ýetirýän käbir wezipeleri ýakyn on ýylda çalşylmaz diýip, Krişna sözüniň üstüni ýetirdi.


15.06.2026 08:07
1.5k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....

13.06.2026 12:23
8.5k+

Messi ChatGPT-niň mahabatynda düşdi

OpenAI kompaniýasy Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň gatnaşmagynda ChatGPT-niň mahabat wideosyny hödürledi....

10.06.2026 11:22
1.9k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

08.06.2026 09:45
1.5k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....