ABŞ-da adam beýnisiniň şekilleri boýunça pikirleri okap bilýän emeli aň döredildi

  • 03.05.2023 12:10
  • 11k+

ABŞ-de Ostindäki Tehas uniwersitetiniň (UT Austin) barlagçylary adamyň beýnisiniň işjeňliginiň şekillerini okap, olary yzygiderli tekste öwrüp bilýän akyl okaýyş ulgamyny döretdiler diýip, uniwersitetiň Tebigat ylymlary kollejiniň web sahypasynda aýdylýar. Ylmy maglumatlar ýöriteleşdirilen Nature Neuroscience žurnalynda çap edildi.

Emeli aňly ulgama semantik dekoder diýilýär, ol gepleýiş ukybyny ýitiren (mysal üçin, insultdan soň), ýöne aňy ýerinde adamlara kömek etmek üçin döredildi.
Ýeri gelende aýtsak, iş bölekleýin Open AI-yň ChatGPT çat-botuna meňzeş transformator modeline daýanýar.
Onuň beýleki “pikir okaýyş” tehnologiýalaryndan düýpli tapawudy, ony beýnä oturtmagyň zerurlygy ýok. UT Austin-iň gözlegçileri bu şekilleri öz dekoderiniň kömegi bilen adam diline terjime etmek üçin funksional magnit-rezonans tomografiýasyny (MRT) ulanyp, beýniniň işjeňliginiň inwaziw däl ýazgylaryny etdiler.
Netije sözme-söz beýan däl diýip, gözlegiň awtorlaryndan biri Aleksandr Hut düşündirdi. Ýöne ol pikirlerini söz bilen aýdyp bilmeýän adamyň pikiriniň manysyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Enjam synaga gatnaşyjylaryň pikiriniň mazmunyna gaty golaý teksti berýär. Dekoder aýdylýanlaryň manysyny tutup bilýär.


düýn 20:11
950

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

düýn 17:01
1.2k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 23:49
2.6k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

03.06.2026 00:06
2.2k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......