Ýaponiýada altynyň bahasy ýokarlanyp, ýene-de taryhy çägi täzeledi

  • 03.05.2023 11:11
  • 10k+

Ýaponiýada altynyň bahasy, maýa goýujylaryň bu aktiwe bolan gyzyklanmasynyň artmagy bilen, taryhdaky iň ýokary çägini ýene bir gezek täzeledi. Sişenbe güni söwdalaşyklaryň maglumatlary muňa şaýatlyk edýär diýip, TASS habar berýär.

Ýurtda gymmat bahaly metallary öndürýän we satýan iri kompaniýalaryň biri bolan Tanaka Kikinzoku 1 gram altynyň bölek satuwynyň bahasy 9 680 ýen (70,45 amerikan dollary) diýip kesgitledi. Taryhy maksimum iň soňky gezek 13-nji aprelde täzelendi.
Sişenbe güni Tokionyň söwda biržasynda altyn geleşikleriň bahasy takmynan 8,756 ýen (63,71 amerikan dollary) boldy.
Şol bir wagtyň özünde Tokionyň biržasynda söwda ýapon eksport öndürijileri üçin bähbitli bolan, ýeniň  amerikan dollaryna bolan gatnaşygynda hümmetsizlenmeginiň çäginde, has ýokary görkezijileri açdy. Ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň 225-siniň paýnamalarynyň bahasynyň üýtgeýşini şöhlelendirýän NikkeiCto indeksi 29 181 punkta çenli galyp, 0,2% ösdi. Dollaryň hümmeti ýene gatnaşygynda 0,49% ýokarlandy we bir dollar  137,40-137,42 ýene deň boldy.


26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

12.06.2026 10:04
6.1k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......