Şu gün, 3-nji maýda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahaty we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda «bu çäräniň ýurdumyzyň köpugurly halkara üstaşyr ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri möçberli, milli we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak başlangyçlaryny goldamaga, Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine berk ynanýandygyny» belledi.
Maslahatyň deslapky meýilnamasyna halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, logistika arkaly söwdany artdyrmagyň mümkinçilikleri, häzirki zaman ykdysadyýetinde ulagyň we logistikanyň özara arabaglanyşygy, söwdada we logistikada sanlylaşdyrma, poçta hyzmatlarynyň döwrebap ugurlary, elektron söwda, ulag-logistika düzüminiň baglanyşygyny ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny, innowasion tehnologiýalar, ulag we logistikada ylym-bilimiň orny ýaly meseleler girizildi. Maslahatyň çäklerinde birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Maslahat 4-nji maýda hem öz işini dowam eder.