Türkmenistandan 10 türgen Daşkentde boks boýunça dünýä çempionatynda çykyş eder

  • 01.05.2023 18:20
  • 17k+

Türkmen türgenleri 1-14-nji maýda Daşkentde (Özbegistanda) geçiriljek boks boýunça dünýä çempionatynda çykyş ederler. 14 adamdan, şol sanda 10 sany türgenden ybarat wekiliýet ýurdumyza wekilçilik eder.

ORIENT agentliginiň Türkmenistanyň boks federasiýasyna salgylanyp habar bermegine görä, ýygyndynyň düzümine şular girdi: Yhlas Gylyçjanow, Daýanç Annaseýidow, Döwlet Muhanow, Şükür Öwezow, Hursand Imankuliýew, Saparmyrat Ödäýew, Baýramdurdy Nurmuhamedow, Muhammet babaýew, Taganmyrat Gurbanow, Baky Toýçyýew.
Türgenler Nurmyrat Gurbanmyradowyň hem-de onuň kömekçileri Tanilnek Jumakulowyň we Ýazmuhammet Ýazzyýewiň ýolbaşçylygynda çykyş ederler.
Dünýä çempionatynyň öň ýanynda türkmen ýygyndysy Daşkentde 18-nji aprelde badalga alan okuw türgenleşiklerine gatnaşdylar
Özbegistanyň paýtagtynda geçýän dünýä çempionaty 65 döwletden 300 türgeni jemlär. Olar 13 sany agram derejesinde medallar ugrunda bäsleşerler. 
Çempionatyň baýrak gaznasy ABŞ-nyň 5 200 000 dollary. Ýeňijiler 200 müň dollar alar, kümüş baýrakçylar — 100 müň dollardan, bürünç medalçylar bolsa — 50 müň dollardan alarlar.


11.06.2026 08:03
3.1k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....