Ýaponiýanyň ilçihanasy türkmen talyplaryny talyp hakly maksatnamalara çagyrýar

  • 29.04.2023 23:59
  • 24k+

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen talyplaryny daşary ýurt raýatlary üçin aşakdaky talyp hakly maksatnamalaryna gatnaşmaga çagyrýar.

Arzalar 2023-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli tabşyrylmaly.
1. Gözlegçi-talyp (aspirantura derejesi) (arzalary bermegiň aňrybaş möhleti: 2023-nji ýylyň 31-nji maýy)
• Gatnaşmaga hukugy bar: 1989-njy ýylyň 2-nji aprelinde ýa-da şondan soň doglan şahslar (şu ýyl  okuwy   gutaranlary hem goşmak bilen).
• Mazmuny: Ýaponiýada alty aýlyk  ýapon dili  taýýarlyk  kursuny tamamlandan soň (diňe ýapon dilini bilmek talap edilýänler üçin), bu maksatnama ýazylan adamlar ýöriteleşdirilen aspirantura bilimini alarlar.
• Okuwyň möhleti: adatça 2 ýyl (ýapon dilini öwrenmek boýunça taýynlyk döwrüniň 6 aýyny goşmak bilen)
Degişli resminamalar bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.
Ýazmaça synagy  18-nji iýunda (ýekşenbe) geçirmek meýilleşdirilýär  (ýeri entek kesgitlenmedi).

2. Talyp (bakalawr derejesi) (arzalary bermegiň soňky möhleti: 2023-nji ýylyň 31-nji maýy)
• Gatnaşmaga hukugy bar: 1999-njy ýylyň 2-nji aprelinde ýa-da şondan soň doglan, 12 ýyllyk orta bilim okuwyny gutaran ýa-da orta mekdebiň maksatmasyny tamamlan adamlar (şu ýyl okuwy gutaranlary hem goşmak bilen).
• Mazmuny: Şu Maksatnama boýunça okuwa kabul edilenler uniwersitete girmezden ozal Ýaponiýada 1 ýyllyk ýapon dili taýýarlygyny geçerler (Tokionyň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň we Osakanyň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň Daşary ýurtly talyplar üçin ýapon dili okuw merkezinde) we ony gutarandan soň, ýokary okuw mekdebine girerler.

• Okuwyň möhleti: 5 ýyl (lukmançylyk, stomatologiýa, weterinariýa ýa-da dermanhana hünäri boýunça okaýan talyplar üçin 7 ýyl).
Degişli resminamalar bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.
Ýazmaça synagy  18-nji iýunda (ýekşenbe) geçirmek meýilleşdirilýär  (ýeri entek kesgitlenmedi).

3. Tehnologiýa kollejiniň talyby (hünär mekdebiniň derejesi) (arzalary bermegiň möhleti: 2023-nji ýylyň 31-nji maýy)

• Gatnaşmaga hukugy bar: Esasan, 1999-njy ýylyň 2-nji aprelinde ýa-da şondan soň doglanlar, 11 ýyllyk orta bilim okuwyny gutaranlar (şu ýyl okuwy gutaranlary hem goşmak bilen).
• Mazmuny: Ýaponiýada ýapon diliniň taýýarlyk okuwynyň 1-nji ýylyny tamamlandan soň, bu Maksatnama kabul edilen adamlar Tehnologiýa kollejiniň üçünji ýylyna geçerler we 3 ýyllyk ýörite bilim alarlar. Ähli sapaklar ýapon dilinde geçiriler.
• Okuwyň möhleti: 4 ýyl (Ýaponiýa gelen badyna ýapon dilini öwrenmek üçin 1 ýyl taýýarlyk döwri goşmak bilen). Ýöne, "Söwda gämisi" hünärini saýlanlar üçin okuwyň möhleti 4 ýyl 6 aý bolar.
• Hünärler: Siz aşakdaky sekiz ugurdan birini saýlap bilersiňiz: (1) Mehanika, (2) Elektrik, elektronika, (3) Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, (4) Materiallar, (5) Binagärlik, (6) Gurluşyk, (7) Söwda gämisi, (8) Beýlekiler.
• (8) “Beýlekileri” saýlanyňyzda, “Maglumat dolandyryş inženerçiligi” we şuňa meňzeş  hünärlerde ýokary okuw mekdebini tapmak kyn bolup biler (mysal üçin, şeýle okuw mekdebiniň ýoklugy we ş.m.): “Maglumat dolandyryş inženerçiligi” we beýlekileri saýlaňyzda (1) -den (7)-ä çenli aralygy almagyňyzy haýyş edýäris..

Degişli resminamalar bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.
Ýazmaça synagy  18-nji iýunda (ýekşenbe) geçirmek meýilleşdirilýär  (ýeri entek kesgitlenmedi).

4. Ýöriteleşdirilen mugallymçylyk kollejiniň talyby (ýöriteleşdirilen mugallymçylyk kollejiniň derejesi) (arzalary bermegiň aňrybaş möhleti: 2023-nji ýylyň 31-nji maýy)

• Gatnaşmaga hukugy bar: Esasan 1999-njy ýylyň 2-nji aprelinde ýa-da şondan soň doglanlar, 12 ýyllyk orta bilim okuwyny gutaranlar (şu ýyl okuwy gutaranlary hem goşmak bilen).
• Mazmuny: Ýaponiýada ýapon diliniň  taýýarlyk okuwynyň 1-nji ýylyny tamamlandan soň, bu Maksatnama kabul edilen adamlar ýöriteleşdirilen kollejde ýöriteleşdirilen kurslara girerler we 2 ýyl ýöriteleşdirilen bilim alarlar. Ähli sapaklar ýapon dilinde geçiriler.
• Okuwyň möhleti: 3 ýyl (Ýaponiýa gelen badyna ýapon dilini öwretmek üçin 1 ýyl taýýarlyk döwri goşmak bilen).
• Hünärler: Aşakdaky 6 hünärden birini saýlap bilersiňiz.
(1) Senagat, (2) Arassaçylyk, (3) Bilim we sosial üpjünçilik, (4) Söwda, (5) Egin-eşik, şaý-sepler we öý ykdysadyýeti, (6) Medeniýet we bilim.
Ähli soraglar boýunça 477081/477082 belgili telefon  ýa-da  jp-embassy@ah.mofa.go.jp elektron salgy arkaly Ýaponiýanyň Aşgabatdaky  ilçihanasyna ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.


düýn 20:28
973

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň uniwersitetleri akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

Tokio şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň......

08.05.2026 22:36
2.9k+

Türkmen talyplary Sankt-Peterburgdaky halkara matematika olimpiadasynda baýrakly orunlary eýeledi

Sankt-Peterburgyň ITMO uniwersitetiniň binýadynda geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň XII halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2026) türkmen talyplary uly üstünlik gazandy. Bäsleşik......

08.05.2026 12:46
1.4k+

Türkmenistan Skopýede geçirilen demografik durnuklylyk boýunça maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçirilen Demografik durnuklylyk boýunça «Leading Change: People-centered paths to demographic resilience» atly sebit ministrler maslahatyna......

01.05.2026 23:32
10k+

Türkmenistanda geljekki birinji synp okuwçylaryna kompýuter sowgat bermek däbi dowam etdiriler

Türkmenistanda täze okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synpyna okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterleri sowgat bermek boýunça asylly däp dowam etdiriler. Degişli Karara anna......