Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny işlenip başlanar

  • 29.04.2023 14:36
  • 15k+

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Baş maliýe meýilnamasyny «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» garaşylýan hasaplama görkezijilerinden ugur alyp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, resminamada Döwlet býujetini düzmek üçin ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimlikler tarapyndan berilmäge degişli hasabatlary, maglumatlary taýýarlamagyň tertibidir möhletleri kesgitleniler.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy işlenip taýýarlanylanda, ýurdumyzyň durnukly makroykdysady ýagdaýyny saklamak, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ýaly wajyp wezipelerden ugur alynmalydygyny nygtady.


düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......