Türkiýäniň daşary ýurtlardaky raýatlary üçin Prezident saýlawlarynda ses bermeklik başlandy

  • 27.04.2023 16:18
  • 33k+

Şu gün, 27-nji aprelde Türkiýäniň Prezidentiniň we Mejlisiniň täze düzüminiň saýlawlarynda daşary ýurtlarda we serhet nokatlarynda ses bermeklik başlandy. Bu barada TRT teleýaýlymy habar berdi.

Merkezi saýlaw toparynyň ozalky kararyna laýyklykda, 75 ýurtda 156 saýlaw uçastogy açyldy. Olar türk diplomatik wekilhanalarynda ýerleşýär. Serhet nokatlarynda, gury ýerdäki gözegçilik nokatlarynda, howa menzillerinde we respublikanyň deňiz portlarynda daşary ýurda gidýänleriň islegini beýan etmek üçin 4,6 müň nokat döredildi. Umuman alanyňda, 3,6 milliondan gowrak raýat Türkiýäniň daşynda ses berip biler.
Daşary ýurtlarda we serhet gözegçilik nokatlarynda ses berişlik 9-njy maýa çenli dowam eder, şondan soň ähli býulletenler sanalar we Merkezi saýlaw toparyna iberiler. Saýlaw uçastoklary syýahat edýänler we respublikanyň daşyndakylar üçin gije-gündiziň dowamynda açyk bolar. Häzirki saýlawlarda ilkinji gezek 277 000-den gowrak türk daşary ýurtda ses berip biler.
Merkezi saýlaw toparynyň habaryna görä, 14-nji maýda geçiriljek saýlawlara 64 million türk raýaty gatnaşyp biler. Ýurduň içinde we daşary ýurtlarda jemi 191 884 saýlaw gutusy gurlar.
Prezident saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşýar.


23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......