Bilermen saç düşmesiniň giňden ýaýran sebäplerini aýtdy

  • 30.04.2023 10:07
  • 43k+

Saçyň düşmeginiň sebäpleri, adatça, dürli ýetmezçilikli ýagdaýlar bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, belogyň, galkan görnüşli mäziň ýa-da demriň ýetmezçilik etmegi saçyň düşmegine getirip biler. Bu barada gazeta.ru bilen söhbetdeşlikde lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, nutrisiolog Ýelena Kurowa gürrüň berdi.

“Ýokanç keseller hem saçyň dökülmegine sebäp bolup biler. Olaryň arasynda alopesiýa, trihofitiýa, mikrosporiýa bar. Şonuň üçin meseläni çözmek üçin ilki bilen sebäbini anyklamaly, şoňa görä-de lukman diagnoz goýup, zerur bejergini bellär” – diýip, hünärmen belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, eger saglyk bilen bagly aç-açan näsazlyk ýok bolsa, lukman bilen maslahatlaşmadan soň witaminleri kabul etmek bolar. Olardan iň täsirlisi biotindir. Şeýle-de, B topar witaminlerini, sinki, demri, seleni düzüminde saklaýan islendik beýleki kompleksler hem kömek eder.

“Şeýle-de, rasionda şekeriň we Omega-6 kislotalarynyň mukdaryny azaltmak, şol bir wagtyň özünde peýdaly Omega-3 ýaglarynyň düzümini ýokarlandyrmak bilen iýmitlenişi-de kadalaşdyrmak möhümdir. Aýallara ganyň düzümindäki demriň derejesine gözegçilik etmek gerek. Şunuň bilen birlikde, kelle derisiniň mikrosirkulýasiýasyny gowulandyrmaga gönükdirilen idegi saýlamaly. Ganyň kelle derisine akymyny güýçlendirýän islendik usullar laýyk bolar: massažlar, gyzyl burçly losýonlar” – diýip, Ýelena Kurowa maslahat berdi.


düýn 12:32
4.3k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.4k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......