Türkmenistandan Koreýa Respublikasyna göni ýük howa gatnawy hereket edip başlady

  • 27.04.2023 10:20
  • 14k+

Aşgabat — Inçhon — Aşgabat ugry boýunça Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda göni ýük howa gatnawlary işe girizildi. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň A330-200 ýük howa gämisi 26-njy aprelde Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.

 

Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplaýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, täze halkara ýük howa gatnawynyň açylmagy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelmegine uly itergi berer.
Şeýlelikde, «Türkmenhowaýollary» agentligi Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda göni ýük howa gatnawlary ýola goýmak bilen, şol bir wagtda Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna hem çykmak göz öňünde tutýar.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......