Jo Baýden ikinji möhlete ABŞ-nyň Prezidentligine dalaş etjekdigini resmi taýdan yglan etdi

  • 26.04.2023 18:07
  • 13k+

Jo Baýden 2024-nji ýylda geçiriljek ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna täze möhlete dalaş etjekdigini resmi taýdan yglan etdi. Bu barada TASS habar berýär.

“Her bir nesliň demokratiýany goramaly pursaty bolýar. Ine, şonuň üçinem men prezident ýaryşyna gatnaşýaryn. Haçan-da dört ýyl mundan ozal men prezidentlige dalaş edenimde, men Amerikanyň ruhy üçin söweşýändigimizi aýtdym we biz häzirem söweşýäris” – diýip, häzirki lider sişenbe güni Twitter sahypasynda ýerleşdirilen wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

ABŞ-nyň häzirki wise-prezidenti Kamala Harris hem 2024-nji ýylyň saýlawlaryna Jo Baýden bilen bilelikde gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi. Syýasatçy bu barada öz Twitter sahypasynda habar berdi.

“Amerikalylar hökmünde biz erkinlige ynanýarys – biz demokratiýamyzyň onuň üçin söweşmäge näderejede güýçli taýýar bolsak, şonuň ýaly güýçli boljakdygyna ynanýarys. Ine, şonuň üçin Jo Baýden we men gaýtadan saýlanmak üçin öz dalaşgärlimizi hödürleýäris” – diýip, Harris amerikalylara ýüzlenmesinde aýtdy.

Baýden gaýtadan saýlanan ýagdaýynda 82 ýaşynda ABŞ-nyň prezident wezipesinde ikinji möhletine başlar.


08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 15:17
4k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......