Türkmenistanyň DIM-inde ABŞ-nyň Ýaragly Güýçleriniň Merkezi serkerdeliginiň Baş serkerdesi bilen duşuşyk geçirildi

  • 25.04.2023 23:39
  • 27k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ABŞ-nyň Ýaragly Güýçleriniň Merkezi serkerdeliginiň Baş serkerdesi general Maýkl Kurilla bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşykda taraplar howpsuzlyk we sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda sebitdäki we Owganystandaky ýagdaý barada özara pikir alyşyldy.
Ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamanyň çäklerinde ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri, ýagny, kiberhowpsuzlyk, maglumat alyşmak, maglumat howpsuzlygy boýunça brifingleri we okuw maksatnamalaryny geçirmek ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......