Türkiýede Ýewropadaky iň uzyn tunneliň açylyş senesi belli boldy

  • 24.04.2023 17:45
  • 17k+

3-nji maýda Türkiýäniň prezidenti bilen bilelikde ýurduň iki welaýatynyň – Trabzon bilen Gýumýuşhanyň arasyndaky ýoly birleşdirjek “Zigana” tunneliniň açylyşy bolar.

TurkicWorld saýtynyň belleýşi ýaly, bu barada Türkiýäniň transport ministri Adil Karaismailoglu habar berdi. Özüniň beýanynda ministr uzynlygy 14,5 km bolan tunneliň ähmiýetini belläp geçdi.

“Biz dünýäniň täze ýüpek ýoluny gurýarys. Tunnel Türkiýäni Günorta Kawkaz döwletleri, Eýran we Ýakyn Gündogar bilen birleşdirer” – diýip, ol belledi.

Belläp geçsek, Gýumýuşhan welaýatynda tunneliň gurluşygy 2016-njy ýylyň aprel aýynda, Trabzon tarapdan bolsa şol ýylyň awgust aýynda başlady.
Şeýle-de, täze “Zigana” tunneliniň her ýyl ýangyçda we wagtda 58,1 mln lirany tygşytlamaga, atmosfera goýberilýän zyňyndylary 15 779 tonna azaltmaga mümkinçilik berjekdigini bellemek gerek.


25.06.2026 14:59
7.2k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......

24.06.2026 10:10
4.9k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

14.06.2026 14:04
3.8k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......