Eýran Türkmenistana çenli demir ýollarynyň geçirijilik kuwwatyny artdyrmagy meýilleşdirýär

  • 24.04.2023 10:22
  • 15k+

Eýranyň Ulag ösüş gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Russiýanyň we Hindistanyň maliýe çeşmelerini ýurtda ulag infrastrukturasynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin ulanmak mümkinçiliginiň bardygyny mälim etdi.

Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň demir ýol ulaglary babatdaky berk garaýyşlaryny göz öňünde tutup, Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesinde demirýollaryň kuwwatyny ulanmak üçin has köp mümkinçiligiň we gündogar Eýranda bu ugurda infrastrukturany güýçlendirmek hem-de ösdürmek üçin möhüm taslamalaryň bardygyny aýtdy diýip, Orient habar berýär.
Şeýlelik bilen, Tasnim news-iň habar bermegine görä, sebit ulag ulgamynyň zerurlyklarynyň köpüsini Bender-Abbas portundan Inçeburun geçelgesiniň we Sarahsyň üsti bilen Türkmenistana çenli demir ýoluň kuwwatyny ýokarlandyrmak arkaly kanagatlandyryp bolar.
Daneş Jafari «Demirgazyk-Günorta» geçelgesiniň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin Hazar döwletleriniň portlary bilen has köp aragatnaşyk saklamagyň hasabyna Hazardaky ulag ulgamyny güýçlendirmelidigini aýtdy.
Ulag taslamalaryna goýulýan maliýe serişdelerini köpeltmek üçin ýakynda Eýranyň Ulag ösüş gaznasy döredildi.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......