Türkmenistan Özbegistan bilen daşary söwda dolanyşygy boýunça GDA-da ilkinji üçlüge girýär

  • 24.04.2023 10:17
  • 10k+

2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Özbegistanyň GDA ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygy 4,77 milliard dollara ýetdi, şolardan eksportyň mukdary 1,69 milliard dollar, importyň mukdary bolsa 3,07 milliard dollar.

Arkalaşygyň ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygynyň iň köp mukdary Russiýa (46,9%), Gazagystan (23.2%) we Türkmenistan (5.5%) bilen hasaba alyndy diýip, uzdaily.uz Özbegistanyň Statistika gullugyna salgylanyp habar berýär.
GDA ýurtlarynyň daşary söwda dolanyşygynyň paýy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,9% ýokarlandy we 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň netijelerine görä, daşary söwda dolanyşygyndaky paýy 32,3% boldy.

Şu ýylyň ilkinji üç aýynda, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, GDA ýurtlarynyň eksportynyň paýy 8,1% artdy, importy bolsa 3,5% azaldy we 33,8% boldy.
Umuman, 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň netijelerine görä, Özbegistana 155 ýurtdan harytlar we hyzmatlar getirildi. Importyň 2/3-den gowragy Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Germaniýa, Koreýa Respublikasy, Türkiýe we Türkmenistan ýaly iri hyzmatdaş ýurtlardan gelýär.


düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......