Tesla I çärýekde arassa girdejisini 24% azaltdy

  • 22.04.2023 10:29
  • 4.2k+

Amerikan elektromobil öndürijisi Tesla birinji çärýekde arassa girdejisini 24,2% azaltdy, şol bir wagtyň özünde girdeji şolar ýaly derejede ýokarlandy, ýöne çaklamalary ödemedi. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň metbugat relizinde bellenilişi ýaly, ýanwar – mart aýlarynda onuň arassa girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäki 3,3 mlrd dollar ýa-da paý üçin 95 sent bilen deňeşdirilende, 2,5 mlrd dollar ýa-da paý üçin 73 sent boldy.
Bir gezeklik faktorlary hasaba almazdan girdeji paý üçin 85 sent boldy, bu hem FactSet tarapyndan sorag edilen hünärmenleriň ortaça çaklamalary bilen gabat geldi.
Tesla-nyň girdejisi 24% ýokarlanyp, 23,3 mlrd dollara ýetdi. Ýöne çaklama has ýokary görkezijiniň – 23,6 mlrd dollaryň bolmagyna garaşypdy.
Geçen çärýek EBITDA boýunça girdejililik bir ýyl ozalky degişli döwürdäki tas 27% bilen deňeşdirilende, 18,3%-e çenli pese gaçdy, sebäbi kompaniýa şu ýyl elektromobilleriň bahasyny birnäçe gezek arzanlatdy.
Soňky üç aýda kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 42% (583,2 mlrd dollara çenli) ýokarlandy, Nasdaq indeksi bu döwürde 12% ýokarlandy.


01.03.2026 10:42
9.4k+

Ýewropa we Hytaý bazarlaryny elden gidirýän Tesla üçin Mask Aýyň ýüzünde zawod gurmak isleýär

Ilon Mask Tesla kompaniýasynyň geljekki 20 ýylyň dowamynda Aýda önümçilik zawodyny gurmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Ol bu barada Giga Berlin zawodynyň ýolbaşçysy bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy we maýadarlaryň kompaniýanyň uzak möhletli geljegine üns bermelidigini belledi...

04.02.2026 15:29
8.7k+

Ilon Maskyň baýlygy 850 mlrd dollardan geçdi: Ol eýýäm şu ýyl dünýäde ilkinji trillioner bolup biler

Ilon Mask maliýe rekordlaryny täzeden ýazýar. Onuň umumy baýlygy 852 milliard dollara ýetdi we ol kapitaly 800 milliarddan aşan dünýädäki ilkinji ynsan boldy. Bu duýdansyz ösüş SpaceX we xAI kompaniýalarynyň birleşmegi netijesinde ýüze çykdy...

31.01.2026 14:33
7.6k+

Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar

SpaceX kompaniýasy Ilon Maskyň beýleki kompaniýalary bolan xAI ýa-da Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini maslahatlaşýar diýip, Reuters agentligi habar berýär. Gepleşikler şu ýyla meýilleşdirilen paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegine (IPO) taýýarlyk görülýän wagty geçirilýär...

24.01.2026 09:42
1.4k+

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi...