Ýaponiýanyň bir ministrligi ChatGPT çat botuny ulanmagy synag edýär

  • 22.04.2023 12:36
  • 9.9k+

Ýaponiýanyň Dolandyryş işleri we kommunikasiýalar ministri Takeaki Masumoto penşenbe güni Tokioda geçirilen ýygnakda öz edarasynyň içinde ChatGPT emeli aň esasly çat-boty ulanmaga synanyşjakdygyny aýtdy diýip, TASS habar berýär.

"ChatGPT-iň işi wagtynda takyk däl jogaplaryň bolmagynyň we şahsy maglumatlaryň syzmagynyň mümkindigini bilýäris, ýöne şeýle ýagdaýlar ony ulanmakdan ýüz öwürmek üçin ýeterlik esas bolup bilmez. Şunuň bilen baglylykda,  ministrligiň gündelik işlerinde  çat-bot-dan peýdalanyp görmek isleýäris"- diýip,  NHK teleýaýlymy Masumotonyň sözlerini getirýär.

Mundan başga-da, Kyodo agentliginiň maglumatlaryna görä, çat-botuň synag tertibinde ulanylmagy eýýäm Tokionyň goňşy Kanagawa prefekturasynda ýerleşýän Ýokosuka şäheriniň ýolbaşçylygy tarapyndan girizildi. Hususan-da, ChatGPT bir aýlap metbugat beýanlaryny taýýarlamaga gatnaşar. Üstünlikli netijeler gazanylan halatynda şäher häkimligi ony ulanmagyny dowam etdirmegi göz öňünde tutýar diýip, agentlik belleýär.


16.10.2025 10:31
10k+

Ýaponiýada AI bilen işleýän “adam ýuwujy kirmaşyn” görkezildi: 15 minuda ýuwup, guradyp berýär

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde ýerleşýän Science kompaniýasy “Mirai Renjian” atly täsin enjamy — awtomatiki tämizleýji we rahatlandyryjy owkalaýjy kapsulany (“adam ýuwujy kirmaşyny”) hödürledi. Täze enjam emeli aň (AI) tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylypdyr...

02.06.2025 13:37
3.5k+

Ýapon alymlary islendik adama dogry geljek emeli gany synagdan geçirýärler

Ýaponiýada emeli ganyň kliniki synaglaryna başlamaga taýynlanýarlar. Professor Hiromi Sakainiň ýolbaşçylygyndaky Nara lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenler toparynyň işläp taýýarlamasy, esasanam, adatdan daşary ýagdaýlarda we uzak sebitlerde donor ganynyň ýetmezçiliginiň meselesini çözüp biler...

09.04.2025 14:08
3.6k+

Deňizde bir gijäniň dowamynda dargamaga ukyply plastik işlenip düzüldi

RIKEN atly ýapon ylmy-barlag institutynyň işgärleri deňiz suwunda doly dargaýan we yzynda mikro bölejikleri galdyrmaýan täze görnüşli plastigi işläp düzdüler. Plastika «supramolekulýar polimerlere» esaslanýar....

16.03.2025 22:02
4.9k+

Ýaponiýada 3D-printerde demir ýol stansiýasy çap ediler

Ýaponiyada dünýäde ilkinji 3D-printerde çap edilen demir ýol stansiýasynyň gurluşygyna başlandy. Bu taslamany «West Japan Railway» bilen binalary 3D çap etmek boýunça ýöriteleşen «Serendix Inc.» kompaniýasy bilelikde...